Türkmenistanda metjitleriň işine çäklendirmeleriň möhleti ýanwara çenli uzaldyldy

01.12.2020, 11:5812,128

Ýiti ýokanç keselleriň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýradylmagynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanda metjitleriň we zyýarat edilýän ýerleriň işine girizilen çäklendirmeleriň möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy. Bu barada Türkmenistanyň müftüligi habar berýär.

Ýatladyp geçsek, ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çäreleri hökmünde dini edaralaryň işiniň çäklendirilmegi şu ýylyň iýulynda girizildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.