Talyplaryň we okuwçylaryň gyşky dynç alyşlaryna çäklendirmeler girizilýär

15.12.2020, 22:1337,923

Türkmenistan sebitde we dünýäde çylşyrymly epidemiologik ýagdaý zerarly gyşky dynç alyş möwsümine çäklendiriji çäreleri girizýär.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, 2020-2021-nji okuw ýylynyň gyşky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň Gökderedäki we welaýatlardaky çagalar-sagaldyş merkezlerinde dynç almaklaryna çäklendirmeler girizilýär.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gyşky dynç alyş möwsümini okuw ýerlerinde mugallymlarynyň gözegçiligi astynda geçirerler.
Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryndan okuwa kabul edilen ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň okuwçylary gyşky dynç alyşlaryny bilim edaralarynda geçirerler. Okuwçylaryň gyşky dynç alyşlaryny we naharlanmaklaryny guramaklyk ýörite maksatnama esasynda döwlet býujetiniň hasabyna amala aşyrylar.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.