Türkmenistanda Ýokary kazyýetiň başlygy täzelendi

07.01.2021, 08:3226,363

Guwançmyrat Atamyradowiç Ussanepesow Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenildi. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Gylyçmyrat Hallyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.