Türkmenistanda käbir gazetleriň baş redaktorlarynyň orunbasary wezipesi ýapyldy

15.01.2021, 13:0414,419

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli gazetleriň baş redaktorlarynyň orunbasary wezipesi, olaryň bellenen işgär sanyny üýtgetmezden ýapyldy.

Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurduň neşirýat-çaphana ulgamynyň, şeýle hem gazetleriň redaksiýalarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň Kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlar we Ministrler Kabinetine berer.
Üýtgeşmeler gündelik gazetleriň redaksiýalaryna degişli bolmaz.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.