Adamyň ganynda şekeriň derejesini peseltmäge kömek edýän önümler

25.01.2021, 15:1614,782

Britan lukmany Sara Brýuer ganyň düzümindäki şekeriň mukdaryny kadalaşdyrmaga kömek edip biljek iki iýmit hakda gürrüň berdi. Bu iýmitleri islendik dükandan satyn alyp bolýar diýip, EVO-RUS.COM portaly habar berýär.

Şeýlelik bilen, iňlis lukmanynyň pikiriçe, ganyň düzümindäki şekeriň derejesini peseltmekde gyzyl apelsin we pomidor iýmegiň peýdasy uly.
Lukman apelsiniň düzüminde glýukoza garşy durnuklylygy ýokarlandyrýan we insulin öndürmäge kömek edýän köp sanly ýokumly maddalaryň we birleşmeleriň bardygyny belleýär.
Şeýle hem ol pomidor iýmegiň ýürek keseliniň döremek howpuny azaldýandygyny nygtaýar. Sebäbi gök önümlerde tebigy antioksidant bolan likopen bar.
Ýeri gelende bellesek, pomidor 2-nji görnüşli süýji keselli adamlar üçin peýdaly bolan Ortaýer deňziniň berhizi üçin hem maslahat berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.