AFI geçen ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny yglan etdi

27.01.2021, 23:176,299

Amerikanyň AFI garaşsyz kino instituty geçen ýylyň iň gowy filmleriniň we seriallarynyň sanawyny taýýarlady. Gurama her ýyl özüniň iň gowy onlugyny hödürleýär diýip, mybryansk.ru habar berýär.

Sanawda medeni we çeperçilik ähmiýetli film taslamalarynyň birnäçesi bar. Ol taslamalaryň köpüsi Netflix platformasyna degişli diýlip ykrar edildi.
AFI-niň hünärmenleri “Ruh” multfilmini, “Metalyň sesi”, “Çarwalaryň ýurdy”, "Iuda we Gara messiýa," "Ma Reýni: Bluzyň enesi” we başga-da birnäçe filmleri 2020-nji ýylyň iň gowy filmleri diýip atlandyrdylar.
Iň gowy bäş serial hökmünde şular görkezildi: "Brijertonlar", "Täç", "Gowusy Sola jaň ediň", "Hanym Amerika", "Unortodoks".
Kino institutynyň ýörite baýragyna Lin-Manuel Mirandanyň "Gamilton" sazy mynasyp boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.