Ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesine täze rektorlar bellenildi

11.02.2021, 23:1628,073

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Baýrammyrat Atamanow Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine Parahat Orazow bellenilip, şol institutyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.  
Degişli resminamalara Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde gol çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.