20-nji fewralda Russiýa COVID-19-a garşy üçünji sanjymyny bellige alyp biler

19.02.2021, 17:5610,943

2021-nji ýylyň 20-nji fewralynda Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Çumakow merkezi tarapyndan işlenip taýýarlanylan koronawirus ýokanjyna garşy "KowiWak” sanjym serişdesini bellige almaklyk meýilleşdirilýär diýip, pnp.ru habar berýär.

“KowiWak” serişdesi – diňe hasap boýunça “Sputnik V-den” we EpiWakKoronadan” soň üçünji bolman, eýsem, görnüşi boýunça-da üçünjidir. Ol jansyzlandyrylan (“öldürilen”) koronawirusyň esasynda taýýarlanyldy. Sanjym edilende organizm wirusyň antigen düzümini tapýar, ony ýatda saklaýar we geljekde onuň ähli ýüze çykmalaryna taýýar bolýar.
Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi 25-nji sentýabrda “KowiWak” sanjymynyň kliniki synaglaryna rugsat berdi. Synaglaryň birinji tapgyrynda 200 meýletinçä sanjym edildi. Sanjymdan soň meýletinçilerde ýaramaz ýagdaýlar ýüze çykarylmady.
Dekabr aýyndan bäri Sankt-Peterburgda, Nowosibirskde we Kirowda 200 meýletinçiniň gatnaşmagynda geçýän ikinji tapgyrda bu derman serişdesiniň täsirliligini subut etmek göz öňünde tutulýar. Ikinji tapgyr synaglary tamamlanandan soň, sanjym üç müň meýletinçide synagdan geçirilip başlanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.