Aşgabadyň 140 ýyllygyny ýokary derejede geçirmek boýunça Hökümet topary döredildi

27.02.2021, 15:4512,523

Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Hökümet topary döredildi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 26-njy fewralda gol çeken Kararyna laýyklykda, bu toparyň düzümi, geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. 
Meýilnamanyň çäklerinde ýörite wideoşekilleri, dokumental we çeper filmleri döretmek hem-de teleradioýaýlymlarda gepleşikler tapgyryny guramak göz öňünde tutulýar. Şanly senä gabatlanylyp, baýramçylyk dabaralary geçiriler, dürli maksatly täze desgalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler, «Ak şäherim — Aşgabat» atly ХХ köpugurly halkara sergisi, sungat ussatlarynyň çykyşlary, sergiler, döredijilik bäsleşikleri, forumlar, sport ýaryşlary, at çapyşyklary we beýleki çäreler guralar. 
Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi Meýilnamada bellenen dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün eder. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.