Adamyň keseli onuň doglan aýy bilen baglanyşykly bolup biler

28.02.2021, 16:0225,524

Ispan alymlary adamyň doglan aýy bilen keselleriniň arasynda baglanyşygyň bardygyny anykladylar. Maglumatlara görä, doglan aýy adamyň käbir saglyk meselelerine bolan dahyllylygyny görkezip biler. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Muny bilmek üçin alymlar saglygy bilen bagly meseleleri bolan 30 müňe golaý meýletinçini topladylar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde bolsa haýsy aýda doglanlaryň haýsy keseller bilen has köp kesellegiç bolýandygy öwrenildi.
Aýdylmagyna görä, oktýabr aýynda doglan adamlaryň köplenç holesterininiň ýokarydygyna gözegçilik edildi. Şol bir wagtyň özünde, güýzde doglan çagalarda demgysma keseli has köp duş gelýär. Tomus we güýz aýlarynda doglanlarda köplenç galkan şekilli mäziň keseli bolýar diýip, çeşme belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.