“Soýuzmultfilm” öz teleýaýlymyny döretmek isleýär

06.03.2021, 07:005,545

“Soýuzmultfilm” kinostudiýasy öz teleýaýlymyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada studiýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

“Soýuzmultfilmiň” bu meýilnamalary ony ösdürmegiň uzak möhletleýin strategiýasynda berkidildi. Häzir studiýa birnäçe emeli hemra kanallarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirýär, olaryň arasynda "Multlandiýa" hem bar. Bu kanal “Soýuzmultfilm" kinostudiýasynyň tehnoparkynyň prezidenti bolup durýar.

"Gepleşikleriň jikme-jik maglumatlaryny aýan etmek üçin entek ir" - diýip, "Soýuzmultfilmiň" metbugat gullugy habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.