Türkmenistan we Özbegistan Parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi

12.03.2021, 20:038,207

Türkmenistan we Özbegistan Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça onlaýn görnüşde duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda özara bähbitli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine gyzyklanmalary tassyklanyldy. Iki dostlukly goňşy ýurduň kanunçykaryjylyk edaralarynyň derejesinde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýandygy nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.