Jennifer Lopez 40 ýaşdan uly iň owadan meşhur ýyldyz boldy

29.03.2021, 20:2826,539

Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylary 40 ýaşdan uly iň owadan meşhur ýyldyzy saýladylar. Pikir soraşma Glowday britan kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan geçirildi diýip, nation-news.ru habar berýär.

Reýtingiň jedelsiz lideri 51 ýaşly aýdymçy Jennifer Lopez boldy. Pikir soraşma wagtynda zenanlaryň 38%-i 40 ýaşlarynda şu artist ýaly görünmek isleýändiklerini aýtdylar. 
Iň owadan ýyldyzlaryň sanawynda Lopezden soň «Dostlar» serialynyň gahrymany 52 ýaşly Jennifer Eniston ýerleşdi. Oňa soraga gatnaşanlaryň 34%-i ses berdi.
Liderleriň üçlügini 31% bilen 40 ýaşly Kim Kardaşýan jemleýär. 52 ýaşly Uill Smit 30% ses aldy. Sorag edilenleriň 28%-i 40 ýaşdan soň iň ýaş we özüne çekiji ýyldyzyň 46 ýaşly Wiktoriýa Bekhemdigini belleýär, adamlaryň 23%-i bolsa onuň adamsy 45 ýaşly Dewid has juwan görünýär diýip hasaplaýar.
Wagty ýeňmegi başaran iň owadan ýyldyzlaryň sanawyna şeýle-de Helen Mirren, Klaudiýa Winklman, Keýt Bekinseýl, Naýjella Louson, Dewina MakKoll, Bred Pitt, Naomi Kempbell, Tom Kruz, Idris Elba we Deniel Kreýg girdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.