Türkmenistanda metjitlere barmak boýunça çäklendirmeler ýatyryldy

01.04.2021, 15:1742,163

Türkmenistanda metjitleriň işine girizilen ähli çäklendirmeler ýatyryldy. Bu barada ýurdumyzyň müftüliginde habar berdiler.

Metjitlere barmak üçin ähli adamlar arassaçylyk-öňüni alyş çärelerini berjaý etmeli.
Ýatlatsak, Türkmenistanda metjitleriň işine çäklendirmeler ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çäresi hökmünde 2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda girizildi. Bu çözgüt Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary toparyň karary bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.