Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi

07.05.2021, 23:0631,758

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Gol çekilen resminama laýyklykda, Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2021-nji ýylyň 13-nji maýynda bellemek göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmek bellenildi.