25-nji maýda Aşgabatda 200 sany täze taksi awtoulaglary ulanyşa giriziler

21.05.2021, 13:0232,099

25-nji maýda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna gelip gowşan 200 sany “TOYOTA COROLLA” kysymly döwrebap ýeňil taksi awtoulaglary ulanyşa goýberiler. Bu barada agentligiň resmi saýty habar berýär.

Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli amala aşyrylýan bu çäre paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýokary hilli taksi hyzmatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýär.

Habarlaşmak üçin: 76-05-01, 76-05-02, 76-05-03

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.