Türkiýe Mermer deňzinde peýda bolan nemi arassalamaga girişdi

09.06.2021, 21:5822,191

Türkiýäniň Hökümeti 8-nji iýunda Mermer deňzini nemden arassalamak boýunça iri operasiýa başlady. Ol deňze akdyrylýan suwlaryň akwatoriýasynyň hapalanmagy sebäpli golaýda ýüze çykypdy. Bu barada МИР 24 habarlar saýtynda maglumat berilýär.

«Biz  Türkiýäniň taryhynda deňzi nemden arassalamak boýunça iň iri operasiýa başlaýarys. Ol balyklara, ähli jandarlara we tutuş ekologiýa howp salýar» diýip, ýurduň daşky gurşaw ministriniň orunbasary Murat Kurum aýtdy. Onuň sözlerine görä, 2021-nji ýylyň ahyryna çenli Mermer deňzi goralýan çäk diýlip yglan ediler. Bu teklip tassyklamak üçin Türkiýäniň Prezidentiniň garamagyna iberiler.

Bu operasiýa gatnaşmak üçin döwlet gullukçylary hem çagyryldy. Nasoslaryň we beýleki tehniki serişdeleriň kömegi bilen ýygnanan nem galyndylary gaýtadan işlemek üçin ugradylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.