Türkiýäniň koronawirusa garşy sanjymy TURKOVAC adyny aldy

25.06.2021, 11:3310,779

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan koronawirusa garşy döwlet sanjymynyň synaglarynyň üçünji tapgyrynyň başlandygyny habar berdi diýip, rusturkey.com belleýär.

Ärdoganyň aýtmagyna görä, Türkiýäniň koronawirusa garşy sanjymy TURKOVAC adyny aldy.

“Koronawirusa garşy döwlet sanjymynyň synaglarynyň üçünji tapgyry bilen Türkiýe bu ugurda täze sahypany açýar” – diýip, prezident belledi.

Şeýle-de, döwlet baştutany Türkiýede birnäçe hepdäniň içinde koronawirusa garşy sanjym işiniň 18 ýaşdan geçen ähli ilaty gurşap aljakdygyny belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.