Türkmenistan Tatarystandan nobatdaky ýörite uçuşy amala aşyrar

08.07.2021, 21:0511,107

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryny ýurdumyza geçitmek üçin 15-nji iýulda Kazandan (Tatarystan Respublikasy, RF) nobatdaky ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýadaky wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Howa gatnawy üçin petekler Türkmenistanyň Kazandaky konsullygynyň sanawyna goşulan raýatlarymyza resmileşdiriler diýlip, habarda aýdylýar.
Mundan öň, 2021-nji ýylyň aprel aýynda Kazandan ýörite uçuş amala aşyrylypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.