Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport boýunça wise-premýeri boşatdy

25.08.2021, 23:1717,943

25-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Mämmetmyrat Geldinyýazowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Türkmen Lideri bu wezipä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Sapardurdy Toýlyýewi belledi. S.Toýlyýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesini hem ýerine ýetirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.