Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ministriniň orunbasaryny işden boşatdy

25.08.2021, 23:3529,813

Türkmenistanyň Prezidenti 25-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arslangylyç Gylyjowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary – Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinden boşatdy.

Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keseller merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri bolup işlän Myrat Mämmedow bu wezipä bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.