Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-sy berler

25.09.2021, 08:2219,601

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ätiýaçlyk gorundan 10 sany “Mercedes-Benz Sprinter 224 Panel” kysymly awtoulagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna gullukda ulanmak üçin bellenen tertipde muzdsuz bermek bellenildi.

Täze lukmançylyk maksatly awtoulaglaryň berilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň tiz kömek awtoulaglary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga we ilatymyza edilýän tiz saglygy goraýyş kömeginiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.