«123456» we «password» dünýäde iň meşhur parollar diýlip saýlandy

19.11.2021, 18:594,791

Parol dolandyryş we kiberhowpsuzlyk kompaniýasy bolan NordPass 2021-nji ýylda dünýäde iň köp ýaýran 200 parolyň sanawyny düzdi. Bu barada kompaniýanyň maglumatlaryna salgylanyp, style.rbc.ru habar berdi.

Sanawda birinji ýeri “123456” ýönekeý san kombinasiýasy eýeledi. Ol jemi 103 million gezekden gowrak ulanyldy. NordPass-yň hünärmenleriniň bellemegine görä, dünýäde iň meşhur parollar dürli ýurtlardan bolan ulanyjylaryň köpüsiniň maglumat howpsuzlygynyň gowşakdygyny görkezýär.
Dünýäde iň köp ulanylýan 5 sany parol kombinasiýasy şu aşakdakylardan ybarat:

1. "123456" - 103,1 million gezek
2. "123456789" - 46 million gezek
3. "12345" - 32,9 million gezek
4. "qwerty" - 22,3 million gezek
5. "password" - 20,9 million gezek

Bu ýyl parol üçin ulanylan iň gyzykly we düşnüksiz sözler "iloveyou", "dragon", "princess", "computer", "pokemon" boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.