«Täsin» çagalar dünýäsi körpeleri gözbagçylaryň mugt şüweleňine çagyrýar

29.11.2021, 17:0212,792
1 / 4

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat ýalkymy» söwda merkezinde ýerleşýän «Täsin» körpeler dünýäsi çarşenbe güni, 1-nji dekabrda körpeler üçin gözbagçylaryň hem-de animatorlaryň mugt şüweleňini geçirýär.
Şüweleň 19:00-da başlanýar.

Şeýle hem çagalar dünýäsindäki ähli oýun awtomatlaryna 50% arzanladyş yglan edilýär. Çagalar dünýäsiniň ýanyndaky «Täsin» kafesinde bolsa 300 manatlyk söwda edenler üçin 10% arzanladyş hereket edýär.

ARZANLADYŞ 12-nji DEKABRA ÇENLI HEREKET EDÝÄR!

«TÄSIN» kafesi müşderilerine dürli görnüşli datly tagamlaryny hödürleýär. Bulardan başga-da, alkogolsyz kokteýlleriň we limonadlaryň, şeýle hem tebigy tagamly kofeleriň giň toplumy bolsa islendik adamyň göwnünden turar.

«Täsin» kafesi özboluşly içki bezegi hem-de rahatlygy bilen maşgalanyň göwnejaý dynç almagy üçin ähli zerur şertleri üpjün edýär.

«Täsin» körpeler dünýäsi Görogly 122, «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkeziniň 3-nji gatynda ýerleşýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 14-11-14; 90-78-45; 90-78-15

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.