IMDb ýylyň iň meşhur filmlerini we seriallaryny yglan etdi

13.12.2021, 14:057,422

Dünýädäki iň uly kinomatografiýa maglumatlarynyň gory bolan Internet Movie Database (IMDb) 2021-nji ýylyň iň köp tomaşa edilen filmleriniň we teleseriallarynyň reýtingini çap etdi. Bu barada tass.ru habar berdi.

Deni Wilnýow tarapyndan düşürilen “Dýuna” filmleriň arasynda öňdebaryjy boldy. Seriallaryň arasynda bolsa "Wanda-Wižn" birinji ýeri eýeledi.
IMDb boýunça iň gowy 10 film:

  1. "Dýuna";
  2. "Özüni heläklänler topary";
  3. "Ölmezekler";
  4. "Mortal Kombat";
  5. "Adalat Ligasy";
  6. "Godzilla we Kong";
  7. "Gara dul";
  8. "Ölüleriň goşuny";
  9. "Kruella";
  10. "Şang-Çi we on halka rowaýaty".

IMDb boýunça iň gowy 10 serial:

  1. "Wanda-Wižn" (Disneý+);
  2. "Loki" (Disneý+);
  3. “Kalmar oýny" (Netflix);
  4. "Laçyn we gyş esgeri" (Disneý+);
  5. “Bridjertonlar” (Netflix);
  6. "Öli janlylar" (AMC);
  7. Isttaunly Meýr (HBO);
  8. "Kölege we süňk" (Netflix)
  9. "Kobra Kaý" (Netflix);
  10. "Lýutsifer" (Netflix).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.