2022-nji ýyl planetanyň sowuk ýyllarynyň biri bolar

03.01.2022, 23:3915,157

Ýabany tebigatyň Bütindünýä gaznasynyň (WWF) klimat maksatnamasynyň direktory Alekseý Kokorin 2022-nji ýylyň Ýer ýüzünde sowuk ýyllaryň biri boljakdygyny aýtdy. Bu barada ura.ru habar berýär.  

Bu La-Ninýa hadysasynyň ösmegi sebäpli şeýle bolar. Ol atmosferadan Ýuwaş ummana gelýän akymdyr, soňra bolsa howa ýene-de maýlar. Şoňa görä-de, tamamlanan 2021-nji ýyl we 2022-nji ýyl bütin Ýer şarynda sowuk ýyllaryň biri bolar. Şunda atmosferanyň üstki gatlagy göz öňünde tutulýar — diýip, hünärmen aýdýar. Onuň sözlerine görä, Ýer ýüzünde howanyň derejesiniň peselmegi ählumumy maýlama hadysasynyň güýçlenmegi bilen bagly hasaba alynmaýar.  
La-Ninýa köplenç Ýuwaş ummanyň günorta böleginde ýüze çykýar. Onuň netijesinde durnukly gündogar şemaly Perunyň we Çiliniň Indoneziýa hem-de Awstraliýa tarapdaky kenarlaryndan ýyly suwlary alyp gidýär. Netijede, deňiz çuňluklaryndaky sowuk suwlar howanyň ýüzüne çykýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.