Toyota 2025-nji ýyla çenli hususy programma üpjünçiligini çykarar

05.01.2022, 13:207,271

Toyota 2025-nji ýyla çenli öz awtomobilleri üçin hususy programma operasion sistemasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu sistema awtonom dolandyryş, elektrik hereketlendirijilerini we akkumulýatorlary dolandyrmak ýaly birnäçe amallary, şeýle-de güýmenje we nawigasiýa ýaly kömekçi funksiýalary ýerine ýetirip biler. Bu barada procrossover.ru habar berýär.

Awtoöndürijiniň programma platformasy Arene diýlip atlandyrylar we Volkswagen hem-de Daimler ýaly nemes bäsdeşleriniň platformasy bilen bäsleşer. Toyota 2025-nji ýyla çenli operasion sistemany awtomobillerine ornaşdyrmagy meýilleşdirýär, şeýle-de geljekde ony Subaru ýaly golçur kärhanalary üçin elýetlerli etmek meýilnamalarynyň üstünde işleýär.

Kompaniýa Arene operasion sistemasyny elektrik ýa-da sürüjisiz awtomobilleriň üstünde işleýän beýleki awtoulag öndürijilerine we kompaniýalara elýeterli etmek üçin ygtyýarnama modeli mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar.

Umuman aýdanyňda, awtomobil bazaryndaky bäsdeşlik kem-kemden programma üpjünçiliginiň we dürli elektronikanyň tarapyna üýtgär. Lux Research-iň analitikleri 2030-njy ýylda awtomobiliň bahasynyň 50%-niň elektronikanyň we programma üpjünçiliginiň paýyna düşjekdigini çaklaýar. Bu görkeziji 2000-nji ýylda 20%-e barabardy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.