Toyota ilkinji gezek ABŞ-nyň awtomobil bazarynda GM-den öňe geçdi

05.01.2022, 23:359,384

Ýaponiýanyň iň uly awtokonserni Toyota Motor geçen ýylyň jemi boýunça taryhda ilkinji gezek ABŞ-nyň bazarynda awtomobil satuwy bilen General Motors amerikan ägirdinden öňe geçdi. Bu barada NHK teleýaýlymy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Neşir edilen resmi hasabata görä, Toyota kompaniýasy 2021-nji ýylda 2,33 mln awtomobil satdy, bu 2020-nji ýyla garanyňda, 10% köpdür. Şol bir wagtyň özünde General Motors-yň satuwy ýarym geçirijileriň ýetmezçiligi we zawodlaryň işiniň togtadylmagy sebäpli 13% pese gaçyp, 2,2 mln birlik boldy. 
Toyota hem ABŞ-da önümçilik bilen bagly kynçylyklary başdan geçirdi, ýöne bu onuň satuw görkezijilerine az täsir etdi. Gibrid awtomobillerine bolan islegiň artmagy uly goşant goşdy. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, şeýle awtoulaglaryň satuwy 73%-den gowrak ýokarlanyp, 583 müňe barabar boldy.
General Motors kompaniýasy 1931-nji ýyldan bäri ABŞ-da täze awtomobilleriň satuwy boýunça yzygiderli liderdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.