«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy berk käýinç aldy

08.01.2022, 08:2619,046

Hökümetiň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewe berk käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzda pudaklary sanly ulgama geçirmek işini çaltlandyrmagyň hem-de ilat üçin radio alyp eşitdiriş ulgamyny gowulandyrmagyň zerurdygyny aýdyp, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe ýagdaýlary seljermegi we işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.