BSGG-niň ýolbaşçysy pandemiýanyň soňuna çykmagyň 3 çözgüdini teklip etdi

19.01.2022, 18:2922,183

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesus türkmen Liderine iberen Täze ýyl gutlagynda BSGG-a we onuň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, ilatyň hemaýata mätäç gatlagyna kömek bermek hem-de ähli adamlaryň saglygyny we rowaçlygyny pugtalandyrmak wezipesinde berýän yzygiderli goldawy üçin hoşallyk bildirip, täze ýyly şu üç çözgütden başlandygyny mälim etdi.

  • 2022-nji ýylyň iýul aýyna çenli her ýurtda ilatyň 70 göterimine sanjym geçirmek üçin hökümetler COVID-19 waksinasyny öndürijiler hem-de hyzmatdaşlar bilen iş alyp barmaly, sebäbi sanjym işleri hemme ýerde deň derejede geçirilende, pandemiýany aradan aýryp bileris;
  • pandemiýa garşy göreşmek Ylalaşygy boýunça gepleşikleri dowam etdirip, saglygy goraýyş babatda ählumumy howpsuzlygy berkitmeli;
  • ähli ýurtlara ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegi ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam bermeli.

«Şonuň üçin hem 2022-nji ýylda hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, sebäbi biz pandemiýany aradan aýyrmagyň hem-de jemgyýetlerimiziň we ýurtlarymyzyň hemmeler üçin has howpsuz, adalatly we sagdyn bolmagy ugrunda işleýäris» diýlip hatda bellenilýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.