Türkmenistanyň teatrlaryna hukuk derejesini bermegiň tertibi tassyklanyldy

04.02.2022, 10:315,478

Hökümetiň 3-nji fewralda geçirilen mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda teatr işini has-da kämilleşdirmek, teatrlaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmek, teatr işgärlerini höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem “Teatr we teatr işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, teatrlara “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.