Türkmenistana çagalaryň meýilnamalaýyn immunizasiýasy üçin esasy sanjymlar getirildi

27.04.2022, 10:5620,015

Geçen şenbe güni ýörite uçar gatnawy bilen Türkmenistana çagalaryň meýilnamalaýyn immunizasiýasy üçin esasy sanjymlar getirildi diýip, ÝUNISEF-iň wekili Mohammad Faýazi ýerli metbugata habar berdi. Sanjymlar türkmen hökümeti bilen halkara guramanyň hyzmatdaşlygynyň çäginde 2022-nji ýylyň dowamynda ilkinji gezek getirildi.

Sanjymlaryň hataryna inçekeseli anyklaýjylar we:

  • poliomiýelite;
  • gyzamyga;
  • epidemiýa häsiýetli hapgyrtma we gyzylja;
  • inçekesele;
  • rotawirusa;
  • täjihoraza;
  • bürmek anatoksinine  we gökbogma garşy dermanlar girýär.

Getirilen däri-dermanlaryň ählisini Türkmenistan öz hasabyna satyn aldy we ýurduň ähli çagalaryna meýilnamalaýyn sanjymlary etmekde ulanylar diýip, ÝUNISEF-iň wekili nygtady.
Sanjymlar adamlara waksinanyň peýdasyny we onuň howpsuzdygyny düşündirmek maksady bilen, her ýylyň aprel aýynda Ýewropa sebitinde geçirilýän Ýewropa immunizasiýa hepdeliginiň geçýän döwründe getirildi.
2019-njy ýyldan başlap, Türkmenistanda senenama boýunça geçirilýän sanjymlar BSGG-niň maslahatlaryna doly laýyklykda, türkmenistanlylary möhüm sanjymlar bilen muzdsuz üpjün etmek arkaly amala aşyrylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.