Baş prokuror Atdaýew söwda boýunça wise-premýer wezipesine bellenildi

04.06.2022, 21:5741,893

Batyr Taganowiç Atdaýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine bellenildi. Bu baradaky degişli resminama şu gün — 4-nji iýunda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň 5 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Şeýle hem resminama bilen, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Batyr Atdaýew täze wezipä bellenilmegi sebäpli, Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşadyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.