Täze Toyota Land Cruiser Prado-nyň çykaryljak senesi belli boldy

28.07.2022, 19:2824,161

Toyota-nyň söwda torundaky öz çeşmelerine salgylanýan Best Car neşiriniň maglumatlaryna görä, eýýäm üstümizdäki ýylyň dekabrynda täze, bäşinji nesliň Toyota  Prius-y tanyşdyrylar. 

Rowaýata öwrülen gibridiň iki wersiýasy bilen tanyşdyrylar: adaty we zarýad berilýän görnüşleri. 1,8 litrlik benzin bilen işleýän hereketlendiriji öňküligine galar, ýöne kuzowy täze bolar, çekiji akkumulýator batareýasy hem täze - netijeliligi ýokarlandyrylan bolar. Meger, sygymy hem ulalsa gerek.
Şondan birnäçe aý soň, 2023-nji ýylyň aprelinde dördünji nesliň miniwen Toyota Alphard-y peýda bolar. Myş-myşlara görä, onuň uzynlygy öňki kaddynda - 5 metrligine galar, emma oňa derek göwrümi 2,4 we 2,5 litrlik içinden ot alýan hereketlendiriji bilen işleýän iki sany güýçli gurluşy bolar.
2023-nji ýylyň tomsunda bolsa täze Toyota Land Cruiser Prado - awtoulagyň täze nesline garaşylýar. Täze Prado ramaly bolmagynda galar, brutal bezeg alar (Land Cruiser 300-iň ruhunda diýip göz öňüne getirip bolar) we teker bazasy 2840 mm çenli uzalar. Şonuň hasabyna salon giňär, muny yzda oturjak ýolagçylar hasam gowy duýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.