Astronomlar indiki hepde boljak magnit hadysasy barada habar berdiler

14.08.2022, 15:4040,923

Indiki hepde Ýere magnit tupany geler, ýöne ol o diýen güýçli bolmaz. Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Lebedew adyndaky Fiziki institutynyň Günüň rentgen astronomiýasy laboratoriýasynyň hünärmenleriniň 12-nji awgustda duýdurmagyna görä, 17-nji awgustda, çarşenbe güni magnit hadysasynyň bolmagyna  garaşylýar.

Öňünden çaklamalara laýyklykda, hadysa G1 kategoriýa (gowşak häsiýetli) degişli bolar, magnitosfera bolsa soňky iki günüň dowamynda, 18-nji we 19-njy awgustda   hem täsirli bolmagynda galar diýip, "Moskwa" şäher täzelikleri agentligi ýazýar. 
Lukmanlaryň pikirine görä, hatda iň gowşak häsiýetli magnit hadysalary hem degna ulgamy gowşak we ruhy bozulmalardan ejir çekýän adamlara täsirini ýetirip bilýär diýip, NSN belleýär. Şol bir wagtda lukmanlar sagdyn adamlar hem şol gün özüni bitap duýup bilerler diýip  hasaplaýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.