Demirgazyk Koreýada örtük düzgüni ýatyryldy

15.08.2022, 11:279,287

Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri koronawirusdan üstün çykylandygy baradaky bildirişden soň jemgyýetçilik ýerlerinde hökmany örtük dakynmak düzgünini ýatyrdylar. Bu barada KHDR-iň Merkezi telegraf agentligine (KMTA) salgylanyp, “Newsis” neşiri habar berýär. Muny rbc.ru ýetirýär.

“Ýurduň ähli sebitleriniň howpsuz karantin zolagyna öwrülendigi, umumydöwlet karantin derejesiniň bolsa peselendigi bilen baglylykda serhet zolagyndaky we serhede ýakyn ýerlerdäki şäherlerden we sebitlerden başga ähli ýerlerde örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy” – diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de bolsa, keseliň alamatlary bolan adamlara örtük dakynmak maslahat berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.