Porsche “Ulaglar” multfilminiň gahrymanynyň keşbinde awtomobil çykardy

15.08.2022, 11:3819,181

Porsche awtomobil öndürijisi Disney bilen Pixar-yň “Ulaglar” (“Cars”) atly animasion filminiň gahrymany – Salli Karreradan ruhlanan Porsche 911 Sally Special awomobilini çykardy. Bu barada öndürijiniň metbugat gullugyna salgylanyp, incrussia.ru habar berýär.

Bu özboluşly awtomobil 2022-nji ýylyň 20-nji awgustynda Sotheby’s auksionynda satylar. Satuwdan gazanylan girdeji bolsa iki haýyr-sahawat guramasyna berler: ýaş zenanlaryň goragy bilen meşgullanýan Girls guramasyna we BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissarynyň edarasyna.

“Awtomobilleriň öz ýüzi we taryhy bolmaly. Pixar bilen bilelikde biz “Ulaglar” multfilminiň gahrymany Sallini ekrandan daşary çykardyk. Biz Sally Special-y auksiona çykararys, gazanylan serişdeleri bolsa haýyr-sahawata gönükdireris. Biz goldawa mätaç adamlara kömek etmek isleýäris, bu gahrymanyň ruhuna laýyk gelýär” – diýip, Porsche-niň kommunikasiýa, durnukly ösüş we syýasat boýunça wise-prezidenti Sebastýan Rudolf belledi.

Taslama 2021-nji ýylyň noýabr aýynda badalga aldy we öndürijini animasion filmi dörediji topar bilen birleşdirdi. Auksionda awtomobilden başga-da, Pixar bilen hyzmatdaşlykda döredilen Porsche Design-dan sagatlar hödürlener.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.