Geely Renault-nyň şärikdeşi bolup biler

04.09.2022, 12:193,100

Hytaýyň Geely konserni Renault kompaniýasynyň bir bölegini özüne almak barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada özüniň ýagdaýdan habarly çeşmelerine salgylanýan Reuters habar berýär. Emma entek geleşik barada ylalaşylmazdan öň Renault-nyň iki sany özbaşdak kompaniýa bölünmegi mümkin.

Renault, Ford-a eýerip, esasan biri-birine garaşsyz işlejek iki sany uly bölünmä — elektromobiller we däp bolan içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglar bilen meşgullanýan  departamentlere  öwrülmäge hyýallanýar.
Agentligiň maglumatlaryna görä, Geely konserni ygtyýarynda däp bolan hereketlendirijini saklaýan bölünmäniň bir bölegini satyn almagy göz öňünde tutýar.
Deslapky maglumatlara görä, hytaý konsernine onuň paýnamalarynyň 40%-i bölünip gider. Ýene 40%-i öňküsi ýaly Renault-yň özünde galar, galanyna bolsa dünýäde iň iri nebit-gaz konsernleriniň biri bolan PetroChina eýe çykar.
Bolmasy çaklanylýan geleşik barada onuň agzalarynyň hiç biri häzirlikçe hiç hili resmi teswir bermedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.