Kaliforniýa 2035-nji ýyldan içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglary satmagy gadagan eder

04.09.2022, 17:4614,227

Kaliforniýa 2035-nji ýyldan başlap içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň satuwyny gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada 26-njy awgustda  CarBuzz amerikan neşiri habar berdi.

Däp bolan içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň gadagançylygyna tapgyrlaýyn geçiler diýip neşir belleýär. 
2026-njy ýylda Kaliforniýadaky täze awtoulaglaryň 35%-i zyýanly gazlardan 100% saplanan bolmaly, 2028-nji ýylda bolsa bu görkeziji 51%-e çenli ýokarlanar. 2030-njy ýylda uglerod galyndysyz ulaglaryň paýy 68% bolmaly, 2035-nji ýylda bolsa iň köp ulagly ştatda diňe elektromobiller satylar.
Içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulagy bolan kaliforniýalylar ulaglaryny özlerinde galdyryp bilerler.  Içinden otlanýan hereketlendirijili köne ulaglaryň satuwy adaty tertipde dowam eder, şeýle-de bolsa, ABŞ-yň hökümeti amerikalylar däp bolan içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglardan ýüz öwrer ýaly elinden gelenini eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.