Görüşiňi barlamak üçin niýetlenen harplaryň we nyşanlaryň toplumy nämäni aňladýar

06.09.2022, 19:2742,799

Görüşiňi barlamak üçin ulanylýan harplaryň we nyşanlaryň toplumynyň nämäni aňladýandygy barada oftalmolog lukman Marina Ilýuhinanyň gürrüň berendigini "Rossiýskaýa gazeta" ýazýar. 

Hünärmeniň sözlerine görä, jedweliň esasynda rus elipbiýiniň ini-boýy birmeňzeş ýedi harpy - Ш, Б, М, Н, К, Ы, И ýatýar. On iki setiriň hersi  görejiň ýitiliginiň V nyşany bilen belgilenen görkezijisine gabat gelýär. Jedweliň çep tarapynda D nyşany ýerleşen. Ol adamyň nyşanlary haýsy aralykdan görýändigini görkezýär.
Alyp bolýan aňrybaş netije — 200%, şu ýagdaýda adam jedwelden bäş metr daşlykda oturan ýerinden 12-nji setiri görüp bilýär. Eger adam 10-njy setiri görüp bilýän bolsa, onda onuň görşi 100 % hasaplanýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.