Toyota awgust aýynda rekord 766 müň awtoulag çykardy

03.10.2022, 10:368,329

Toyota Motor awgust aýynda dünýä boýunça 766 müň awtoulag çykardy, bu 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 44,3% köpdür. Bu kompaniýanyň hasabatynda görkezilýär.

Netije maksat edilen 700 müň awtoulag görkezijiden köp boldy. Ýyl boýunça hasaplananda içerki önümçiligiň 5,6% ýokarlanandygy, daşarky önümçiligiň bolsa 2021-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende birden 65,1% ýokarlanandygy bellenýär. 
Geçen hepde kompaniýa oktýabr aýynda dünýä boýunça 800 müň awtoulag öndürmegi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.