Tejribeli saglygy goraýyş işgärleriniň 3-sine hormatly atlar dakyldy

11.10.2022, 13:0912,427

10-njy oktýabrda bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow käbir raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda:

  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň anesteziologiýa we reanimatologiýa kafedrasynyň müdiri Kuwat Myrat Gaýypowa «Türkmenistanyň halk lukmany»;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň baş lukmany Ilaman Aşyrowa we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň direktory Täzegül Niýazmuhammedowna Saryýewa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly atlar dakyldy.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.