2023-nji ýylda GDA-da Gyrgyzystan başlyklyk eder

14.10.2022, 15:434,807

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeklik 2023-nji ýylda Gyrgyzystana geçiriler diýip, GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew habar berdi.

"GDA-da başlyklyk etmek hakynda meselä garaldy. Wekiliýetleriň Baştutanlary Arkalaşykda 2023-nji ýylda başlyklygy Gyrgyzystanyň, wise-başlyklygyň bolsa Gazagystanyň we RF-niň ýerine ýetirjekdigi hakynda karar kabul etdiler» - diýip, Lebedew habar berdi.

Gyrgyzystanyň teklibi boýunça GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki mejlisi 2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Bişkekde geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.