Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi

Düýn, 10:242,317
1 / 2

11-nji sentýabrda Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirildi. Onuň çäklerinde gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi, ulag howpsuzlygyny, tehnologiýa ulgamynda gatnaşyklary we sosial-ynsanperwer meseleleri maslahatlaşdy.

Paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen mejlise GDA-nyň Baş sekretary, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, GDA ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

2026–2030-njy ýyllar üçin halkara gatnawlarda daşamalar amala aşyrylanda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy möhüm meseleleriň biri boldy. Gatnaşyjylar Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesini bilelikde ulanmagyň mümkinçiliklerini hem maslahatlaşdy.

Mundan başga-da, GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokary tehnologiýaly senagat pudaklary üçin ähmiýetli bolan serişdeleri öndürmek babatda hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamalaryna seredildi.

Mejlisde özara haryt dolanyşygyny ösdürmek boýunça teklipler, 2023–2026-njy ýyllarda Döwletara standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak geňeşiniň işi, agrosenagat pudagynda hyzmatdaşlyk we howa hereketini guramagyň milli ulgamlaryny sazlaşdyrmak meseleleri hem gözden geçirildi.

Aýratyn meseleler lukmançylyk bilimi, käbir ýokanç keselleriň öňüni almak we soňuna çykmak, sagaldyş we şypahana-dynç alyş işi, arhiw işi hem-de guramanyň býujeti bilen bagly boldy.

Mejlisiň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi we tassyklanyldy. Hususan-da, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistanyň başlangyjy boýunça GDA-da 2029-njy ýyly Arkalaşygyň ulag arabaglanyşygy ýyly diýip yglan etmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Oktýabr aýynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.