Deniel Kreýg edil Jeýms Bonduňky ýaly rysar ordenini aldy

21.10.2022, 14:089,567

Britaniýaly aktýor Deniel Kreýg Keramatly Mihail we Georgiý Ordeni bilen sylaglandy — oňa Kreýgiň janlandyran gahrymany — agent 007 Jeýms Bond hem mynasyp bolupdy.

Sky News teleýaýlymynyň habar berşi ýaly, 54 ýaşly aktýoryň boýnuna rysar ordenli lentany sişenbe güni şa aýaly Anna dakdy.   
Sylaglaýyş dabarasy Londonyň eteginde Windzor köşgünde geçdi. Kreýg kinematografiýanyň  we teatryň ösmegine goşan mynasyp goşandy üçin ordeniň kawaleri boldy.
Sişenbe güni ordene britan režissýory Pol Gringrass hem mynasyp boldy. Ol birnäçe golliwud blokbasterini, şol sanda merkezi aňtaw müdirliginiň öňki işgäri hakynda film-boýewikleriň bäşden üçüsini surata düşüripdi. Gringrass Britan imperiýasynyň Ordeniniň kawaleri boldy.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.