Jared Leto gender taýdan bitarap ideg kosmetika brendini işe girizdi

22.10.2022, 15:3410,327

Jared Leto gender taýdan bitarap kosmetika brendi Twentynine Palms-y işe girizdi. Bu barada Vogue žurnalyna salgylanyp, incrussia.ru belleýär. Markanyň ady Kaliforniýanyň günorta-gündogar bölegindäki Joşua-Tri milli seýilgähiniň golaýynda ýerleşýän adybir şäheri görkezýär.

Twentynine Palms hatarynda ýüzüň we bedeniň derisine ideg etmek, şeýle-de saç üçin 11 önüm hödürlenýär. Olaryň esasynda çöl ösümlikleriniň ekstraktlary bar. Žurnalyň maglumatlaryna görä, serişdeleriň düzümini taýýarlamaga Aesop-yň innowasiýalar boýunça müdiri Keýt Forbs gatnaşdy.
Leto geljekde Twentynine Palms brendi bilen beýleki harytlaryň, şol sanda parfýumlaryň we öý aksessuarlarynyň çykaryljakdygyny hem habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.