Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX gurultaýy Merkezi komitetiň täze düzümini saýlady

23.10.2022, 10:173,664

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň (HKP) XX gurultaýy şenbe güni HKP-niň Merkezi komitetiniň  we Tertip-düzgüni barlamak boýunça merkezi iş toparynyň (TDBMIT) täze düzümini saýlady diýip, wakalaryň geçýän ýerinden TASS-yň habarçysy habar berdi. 

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň gurultaýynyň delegatlary MK-niň 19-njy çagyrylyşynyň doklady we TDBMIT-niň doklady boýunça rezolýusiýa kabul etdiler. 2,3 müň wekil iki resminamany hem biragyzdan kabul etdi, hiç kim garşy  çykmady we saklanmady.
Gurultaýda partiýanyň düzgünnamasyna üýtgetmeler kabul edildi. Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň häzirki Düzgünnamasy 1982-nji ýylda kabul edildi. Bu resminama soňky üýtgetmeler  2017-nji ýylda HKP-niň XIX gurultaýynyň dowamynda girizilipdi. Şonda oňa  HKP-niň başlygy, HKP-niň MK-niň baş sekretary Si Szinpiniň täze eýýamda hytaý aýratynlykly sosializm hakyndaky başlangyçlary goşulypdy.
Gurultaý 16-22-nji oktýabr aralygynda Pekinde geçdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.