«Ýylyň awtoulagy» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

26.11.2022, 14:2119,070

«Ýylyň awtoulagy» (Car of the Year 2022) baýragynyň guramaçylary ýedi ýeňijini yglan etdiler. Şort-liste bäş sany elektromobil we içinden otlandyrylýan hereketlendirijili modeliň ikisi girdi. 

Renault Austral bilen Peugeot 408, şeýle-de doly elektrikleşdirilen Jeep Avenger, Nissan Ariya, furgon Volkswagen ID. Buzz, Kia Niro we platformadaş Subaru/Toyota bZ4X  ýeňiji boldular.
Ses berlişigiň jemleri 2023-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Brýusseldäki awtosalonda jemlener. Bäsleşigiň emin agzalarynyň düzümine Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan bir topar žurnalistler girýär.
Baýragyň jemleýli tapgyryna çykmak üçin 45 model dalaş etdi.
Ýatlatsak, Kia EV6 elektrokary "2022-nji ýylyň awtoulagy" diýip yglan edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.