Toyota 2023-nji ýylda 10,6 milliona çenli awtoulag öndürmegi meýilleşdirýär

19.01.2023, 08:0815,406

Ýaponiýanyň Toyota Motor konserni 2023-nji ýylda 10,6 million awtoulag öndürip biler diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Şeýlelik bilen, görkezijiniň 2019-njy ýyldaky rekord  9,1 million ulag derejesinden ýokary boljagyna şübhe ýok.
Optimistik çaklama awtoulag bölekleriniň üpjünçilik zynjyryndaky ýagdaýyň gowulaşmagy bilen baglanyşyklydyr diýip, awtoulag öndürijisi belleýär. 2022-nji ýylda konserniň Toyota we Lexus brendleri ýylyň başyndan noýabr aýynyň ahyryna çenli jemi 8,3 million awtoulag öndürdi.
Şol bir wagtyň özünde, 2023-nji ýylda ýarymgeçirijileriň ýetmezçiligi azalmasa, Toyota meýilnamada bellenenden 10% peselip biler diýip, Toyota-nyň satyn alyş boýunça müdiri Kadzunari Kumakura aýtdy.

"Häzirki wagtda entegem çaklamalary etmek kyn" – diýip Kumakura belledi.

Duşenbe güni Tokiodaky söwdalaşyklarda  Toyota-nyň paýnamalary 0,1%  gymmatlady. 12 aýyň dowamynda kompaniýanyň kapitalizasiýasy 25% azaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.