Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi dörediler

18.02.2023, 09:4722,992

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bellenen tertipde Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini döreder. Şeýle hem Bilim ministrligi bilen ylalaşyp, şu okuw mekdebiniň Tertipnamasy taýýarlar we bellenen tertipde tassyklar. Bu barada degişli Karara Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi talyplary 2023-2024-nji okuw ýylyndan okuwa kabul edip başlar.